Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynda «Köpetdag» myhmançylykda «Energetigi» ýeňip, ýaryş tertibinde bir basgançak ýokary süýşdi we ilkinji üçlüge girdi.
Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 15-nji minutda Öwezbaý Muhammetmyradow geçirdi. «Köpetdag» bu hasaby ulaldyp hem bilerdi, ýöne 58-nji minutda Şiri Annaýew özüne ynanylan 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.
Bu ýeňişden soň «Köpetdag» çempionatyň deň ýarysyny 24 utuk bilen üçünji orunda tamamlady. 14 duşuşykda bary-ýogy 9 utuk toplap bilen «Energetik» bolsa iň yzdaky topardan diňe bir basgançak öňde.