Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» öz meýdanynda «Merwi» ýeňdi

23:3214.10.2022
0
15438

Ýokary liganyň 14-nji tapgyrynda «Şagadam» öz meýdanynda Marynyň «Merwini» kabul edip, ýaryşda özünden iki basgançak öňde barýan garşydaşy bilen goňşy boldy. «Merwiň» myhmançylykda ýer eýelerinden 1:2 hasabynda utulmagy toparyň üçünjilikden dördünji basgançaga düşmegine sebäp boldy.

Duşuşykda «Şagadamyň» gollarynyň 11-nji minutda Roman Galkin, 54-nji minutda Mekan Aşyrow (11 metrlik jerime urgusyndan) geçirdi. «Merw» bu gollara 77-nji minutda goragçy Döwletmyrat Döwletmyradowyň tapawutlanmagynda jogap beren hem bolsa hasaby deňlemäge güýji ýetmedi.

Bu ýeňişden soň utugyny 19-a çykaran «Şagadam» dördünji orundaky «Merw» bilen aralygy 3 utuga çenli ýygyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň