Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde XX asyryň iň gazaply urşunyň söweş meýdanynda edermenlik görkezen türkmenistanly gahrymanlar hatyralandy

10:1010.05.2015
0
5257

9-njy maýda Türkmenistanda şanly sene – 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň iň gazaply urşunyň söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen türkmenistanly gahrymanlar sarpalandy.

... Asylly däbe görä, ir säherden dünýäniň ähli halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň ýagty geljegi üçin wepat bolanlary hatyralamak üçin  “Halk hakydasy”  ýadygärlikler toplumyna  aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köp sanlysy ýygnandy.  Bu ýere ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň  ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, hormatly ýaşulular, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly myhmanlar bar.

Adamzat taryhynda iň gazaply we rehimsiz uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygy we edermenligi üçin biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandy. Türkmenistanly esgerleriň köpüsi Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy. Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty mähriban halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we Milli Gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” hem-de “Şöhrat” neşirlerinde ebedileşdirildi.

Bu gün Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň uruş weteranlary döwletimiziň aýratyn aladasy bilen gurşalandyr. Muny gadymdan bäri özüniň gahrymanlaryna, mähriban topragymyzy gaýduwsyzlyk bilen goraýanlara uly hormat-sarpa goýan türkmenleriň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan däpleri talap edýär.

“Baky şöhrat”  ýadygärliginiň etegine Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül dessesi goýulýar. Soňra uruş weteranlary, Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, şeýle hem edara-kärhanalaryň, guramalaryň köp sanly wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärlige gül desselerini goýdular. Ýygnananlar bir minut dymmak bilen, Beýik Ýeňiş üçin şirin janyny gurban eden türkmen topragynyň şöhratly ogullaryny hatyraladylar.

Şanly senäniň  baýramçylygy mynasybetli  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary edermen Watan goragçylaryna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyz söweşip, wepat bolan Milli Gahrymanlarymyzyň hormatyna bina edilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezlerindäki konsert meýdançalarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň