«Ak gaýa» rotangdan öndürilen mebelleriň baý görnüşlerini hödürleýär

09:5313.10.2022
0
10959

Öý we abatlaýyş harytlarynyň dükanlar zynjyry bolan «Ak gaýa» dükanyna rotangdan ýasalan örme mebelleriň täze tapgyry gelip gowuşdy.

Örme mebeller – häzirki döwürde otagyň içki bezeg ýörelgeleriniň iň meşhurlarynyň biridir. Rotangdan taýýarlanan önümler şekiliniň owadanlygy, ekologik taýdan arassalygy we ideg etmegiň ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Ýeňil agramy otagyň içinde örme mebelleriň ýerini köp güýç sarp etmezden üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Örme mebeller bagda ýa-da öýüň töweregindäki meýdançada, eýwanda, naharhanada ajaýyp görünýär.

«Ak gaýada» stollardan we kürsülerden, dürli görnüşli diwanlardan ybarat örme mebeller hödürlenýär, olar Ortaýer deňziniň, etniki, häzirki zaman stillerde bezelen otaglar bilen üstünlikli sazlaşýarlar we otagyň içinde ýa-da bag meýdançasynda rahat dynç alyş gurşawyny döredip bilýärler.

Örme stollaryň üsti berklik üçin otda taplanan aýna üstleri bilen berkidilýär, kürsülerde we diwanlarda ýumşak we amatly ýassyklar ýerleşdirilýär.

«Ak gaýa» dükanlary alyjylara şu salgylarda garaşýar:

  • Aşgabat ş., Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 65) 57 55 55, (+993 65) 41 10 10;
  • Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 40-njy jaý («Ak gaýa»), telefon belgileri: (+993 65) 57 57 57, (+993 65) 75 43 75, (+993 64) 66 44 88;
  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, 1-2-nji dükanlar, telefon belgileri: (+993 65) 54 62 32, (+993 62) 82 22 20.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň