Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

23:2912.10.2022
0
17084
Raşid Meredow GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Şu gün Astanada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärä gatnaşyjylar GDA-nyň çägindäki daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesinde Arkalaşygyň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe kararlar kabul edildi.

Daşary işler ministrleri 14-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek GDA-nyň sammitinde döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň taslamasy barada hem ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň