Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy giňden baýram edilýär

08:2709.05.2015
0
12961

Ýurduň ähli welaýatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar, ýaz güllerinden boglan ajaýyp çemenler dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistanda öz gahrymanlaryna çuňňur sarpa goýlup, weteranlara, esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylyň zähmetkeşlerine aýratyn üns we hormat bilen garalýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk gahrymanlary döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandyr. Weteranlaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy şonda ileri tutulýar.

Weteranlar öz gezeginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa urşa gatnaşyjylar we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hakynda yzygiderli aladasy, asylly ylalaşdyryjylyk işi we häzir ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler. Weteranlar uruş ýyllarynyň agyr günlerini, ene topraga bolan çäksiz söýginiň agyr synaglara döz gelmekde we adamzadyň taryhynda gandöküşikli uruşda ýeňiş gazanmaga ýardam edendigini ýatladylar.

Biziň gadyrly weteranlarymyzyň — gaýduwsyz gahrymanlarymyzyň we Watan goragçylarymyzyň belent edermenligi ýaşlar üçin watançylygyň beýik nusgasy, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki neslini Watana çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde mynasyp ýol görkeziji bolup galar.

Baýramçylygyň öň ýanynda weteranlar bilen dabaraly duşuşyklar hem-de meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, ýurdumyzyň görnükli tans toparlarynyň gatnaşmagynda «Parahat» we «Toý mekany»   medeni-dynç alyş merkezlerinde uly baýramçylyk konsertleri geçirildi. 7-nji maýda urşuň gahrymanlarynyň hormatyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýinde çäre geçirildi. Şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda «1941-1945-nji ýyllardaky urşuň taryhy — watançylygyň nusgalyk göreldesi» atly ylmy maslahat geçirildi.

9-njy maýda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda faşizmden üstün çykylyp gazanylan Ýeňiş baýramy gününde ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen wepat bolan milli gahrymanlarymyz sarpalanar.

Ýeňiş gününde Aşgabatda «Toý mekany» dynç alyş merkeziniň belent gümmeziniň astynda uly baýramçylyk konserti geçiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi hem-de Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşi onuň guramaçylary bolup çykyş eder. Konserte iň oňat estrada ýerine ýetirijileri, tans we beýleki döredijilik toparlary gatnaşarlar.

9-njy maýda Beýik Ýeňşiň hormatyna «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň teatrlarynda we baýramçylyk meýdançalarynda baýramçylyk çäreleri geçiriler. Meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, zehinli estrada ýerine ýetirijileriň we bagşylaryň gatnaşmagyndaky dabaraly konsertler ýurdumyzyň Medeniýet, Bilim, Goranmak ministrlikleri, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri  tarapyndan guralar. Köp sanly dabaralaryň esasy gahrymanlary, elbetde, uruş we zähmet weteranlary bolar. Olara şeýle hem ýurdumyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, talyp ýaşlar, zähmet toparlarynyň wekilleri gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň