Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny we uruş weteranlaryny Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen gutlady

06:5309.05.2015
0
7855

Eziz halkym! 
Hormatly uruş weteranlary!

Sizi şanly baýram — 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamzadyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan, çäksiz guwanç we buýsanç duýgularyny döredýän Ýeňiş baýramy parahat, asuda we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýar. Bu ajaýyp baýram halklary ýakynlaşdyrýar, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýar. Berkarar döwletimizde Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň taryhy müňýyllyklara uzaýan mähriban halkymyzyň parahatçylyga we dost-doganlyga bolan söýgüsini dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

1941 — 1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň gazaply we hasratly döwrüdir. Faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz we rehimsiz syýasaty — nägehan uruş millionlarça adamyň ömür tanapyny üzdi, köp maşgalalary atalardan we enelerden, ogullardan we gyzlardan, doganlardan we uýalardan mahrum etdi. Bu gowgaly döwürde ynsan kowmunyň parahat durmuşyna, adamzadyň mukaddes gymmatlyklaryna, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň ösüşine öwezini hiç wagt dolup bolmajak zyýan ýetirildi. Arzyly maksada — şanly Ýeňşe bolan beýik ynam doganlyk halklar bilen birlikde, Türkmenistanyň halkyny hem sütemiň, zulumyň, gulçulygyň garşysyna adalatly we barlyşyksyz göreşde has-da jebisleşdirdi. Aradan onýyllyklaryň geçendigine garamazdan, gazaply uruş ýyllarynyň kalplarda yz goýan hasraty dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda hem agyr ýatlamalar bolup ýaşaýar.

Doganlyk halklar bilen birlikde, türkmen halkynyň merdana ogul-gyzlary hem urşuň agyr synaglaryny mertlik bilen başdan geçirdiler. Dünýäde parahatçylygy, asuda we abadan durmuşy goramak ugrundaky söweşlerde edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, belent ahlaklylygyň hem-de hakyky watançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Häzirki döwürde uly durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesillerimiziň — adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan hem-de gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesi, hormat-sarpasy belent tutulýar, Aşgabat şäherinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda erkinlik we azatlyk ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlarymyz hakyndaky ýatlamalarymyzy ebedileşdirmek maksady bilen, «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri döredildi. Bu ýadygärlikler toplumy halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolan gahrymanlarymyza hormat goýmak hem-de ata-babalarymyzyň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ýaly dessurlaryň berjaý edilýän mukaddes ýerine öwrüldi. Watanymyzyň gaýduwsyz gahrymanlarynyň söweş we zähmet edermenligi baradaky ýagty ýatlamalar nesilleriň kalbynda baky ýaşar!

Eziz watandaşlar!

Merdana halkymyzyň durmuşynyň ähli taryhy döwürlerinde bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyza — paýhasly ýaşulularymyza, ojaga wepaly eziz enelerimize çuňňur sarpa goýýarys. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde uly üns berýäris. Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna döwletimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlaryna köp sanly durmuş ýeňillikleri döredildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Mähriban halkym!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi ýurdumyzda giňden hem-de dabaraly bellenýän baýram  — 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň