Soňky habarlar

Arhiw

Sadyr Žaparow Serdar Berdimuhamedowy gutlady

22:2311.10.2022
0
20635
Sadyr Žaparow Serdar Berdimuhamedowy gutlady
Surat: kabar.kg

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu geçen döwürde ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyna hem-de deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygyny, çuň manyly syýasy gatnaşyklaryň hem-de özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini bellemek ýakymlydyr. Döwrüň we taryhyň synagyndan geçen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyryljakdygyna, halkara guramalaryň çäklerindäki hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin — diýip, gyrgyz Lideri türkmen kärdeşine iberen gutlag hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň