Arhiw

RÝNÝ-niň merkezi arhiwine kitap skaner edýän enjam berildi

17:1510.10.2022
0
29229

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň garamagyndaky Raýat ýagdaýy namalarynyň ýazgylarynyň merkezi arhiwinde täze kitap skaneri peýda boldy.

«Elar Scan A2-600RA» skaneri Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy tarapyndan arhiw raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny skanirlemek üçin berildi.

Arhiwiň işgärleri täze skaner bilen işlemek üçin tälim alýarlar.

BMGÖM-iň jemgyýetçilik ulgamlarynda habar bermegine görä, ofis enjamlary Türkmenistanda sanly jemgyýetçilik hyzmatlarynyň ösüşine goldaw bermek taslamasynyň bir bölegi hökmünde berildi.

Bu taslamanyň çäginde 1-nji oktýabrdan başlap, raýat bellige alyş gullugynyň programma üpjünçiliginiň Bitewi sanawynyň hem synag görnüşinde işe girizilendigi bellendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň