Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde TDHÇMB-de 14 million 140 müň dollarlyk geleşikler baglaşyldy

09:0010.10.2022
0
8166

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 33 geleşik hasaba alyndy. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, dizel we peç ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 140 müň dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 619 müň manatdan gowrak bolan, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, gurluşyk serişdelerini, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň