Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy gutlady

22:0809.10.2022
0
20498
Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy gutlady
Surat: masa.media

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewden gutlag haty gelip gowuşdy. Doganlyk ýurduň Prezidenti öz hatynda türkmen döwletiniň Baştutanyny şanly sene — Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Geçen 30 ýylyň içinde ýurtlarymyzyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy, iki doganlyk halkyň bähbidine köpugurly we özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ýola goýmagy başarandyklaryny uly kanagatlanma bilen belleýärin. Işjeň syýasy dialog, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi, şeýle hem iki ýurduň halkara giňişlikdäki üstünlikli özara gatnaşyklary munuň subutnamasydyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylýazgysynda täze sahypany açmak bilen, gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça bilelikdäki işlere taýýardygymy ýene bir ýola tassyklaýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Jogapkärli döwlet işiňizde Size uly üstünlikleri we ýeňişli sepgitleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin — diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen kärdeşine ýollan hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny, häzirki döwre çenli Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda 140-dan gowrak ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylandygyny, türkmen döwletiniň Baştutanynyň gazak kärdeşini we bu ýurduň ähli doganlyk halkyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlandygyny ozal habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň