Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly gümrükçiler Rigada ulag serişdelerini skanerlemek we alnan maglumatlary seljermek boýunça geçirilen okuwa gatnaşdylar

16:0408.10.2022
0
22391

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) guramagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük edaralarynyň wezipeli işgarleri üçin guryýer gümrük serhetlerinden geçýän ulag serişdeleri we ýükleri skanerlemek we alnan maglumatlary seljermek boýunça okuw çäresi Latwiýa döwletiniň paýtagty Riga şäherinde geçirildi.

Okuw çäresine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan iki sany işgär gatnaşdy. Çäräniň barşynda, oňa gatnaşyjylar Baltika döwletleriniň arasynda serhetüsti geçýän ulag serişdeleri ýörite barlag enjamlaryndan geçirilip, olardan alnan şekillerini seljermegiň öňdebaryjy usullary öwrenildi. Latwiýa we Litwa döwletleriniň hünärmenleri bu ugurda öz tejribesi bilen paýlaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýty habar berýär.

Okuw çäresiniň netijesi boýunça degişli ugurda sebitara döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk we geljekki ýyllarda alnyp barylmaly işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň