Soňky habarlar

Arhiw

Ahalyň täze merkezinde bilim edaralarynyň 19-sy, 10 sany çagalar bagy gurlar

16:2507.10.2022
0
24187

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň doly işe girizilmegi bilen, Türkmenistandaky bilim ojaklarynyň üstüne ýene-de 19-sy goşular. Bu barada Bilim ministrligi tarapyndan «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada nygtalýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakyndaky» Karary esasynda, täze şäherde ministrlik üçin gurulýan 7 gatly 28 öýli ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem 19 sany bilim edarasynyň, ýagny her biri 920 orunlyk 4 sany orta mekdebiň, her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, ýörite sungat mekdebiniň, çagalar sungat mekdebiniň, başlangyç hünär okuw mekdebiniň, orta hünär okuw mekdebiniň, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň gurluşyklaryna gözegçilik işleri amala aşyrylýar» diýlip, makalada nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň