Soňky habarlar

Arhiw

«Akmaýanyň ýoly» çak edilişinden iki esse inçe bolup çykdy

15:4507.10.2022
0
18537
«Akmaýanyň ýoly» çak edilişinden iki esse inçe bolup çykdy
Surat: mir24.tv

Hytaý alymlary beýleki ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen birlikde «Akmaýanyň ýolunyň» agramyny ölçediler. Alnan maglumatlar netijesinde biziň galaktikamyzyň öň hasap edilişinden iki esse kiçidigi belli boldy diýip, «Xinhua» habarlar gullugy habar berdi.

Ylmy-barlaglar «Akmaýanyň ýolunyň» agramynyň takmynan 550 milliard Gün agramyna deňdigini görkezdi, öňki hasaplamalara görä, ol 1 trillion Gün agramyna deňdi.

«Biziň barlaglarymyz «Akmaýanyň ýolunyň» öň pikir edişimizden inçe bolmagynyň mümkindigini görkezýär» diýip, ylmy-barlaglaryň ýolbaşçysy, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Milli astronomiýa obserwatoriýasynyň işgäri Sýu Sýansýan aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň