Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýaşlaryň we çagalaryň 5,5 müňden gowragy şu ýyl açylan bilim-terbiýeçilik ojaklaryna gatnaýar

15:3907.10.2022
0
21493

Häzirki dowam edýän okuw ýylynda Türkmenistanda jemi 4220 orunlyk orta mekdepler açyldy. Olaryň sany 7-ä deňdir. Täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde hem habar berlişi ýaly, mekdepler ýurduň ähli sebitlerinde açyldy.

Şu günler ýurtda 1360 çaga täze çagalar bagyna gatnaýar. Has takygy, dowam edýän okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurtda täze çagalar baglarynyň 5-si dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi.

Bular barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň