Soňky habarlar

Arhiw

Eýran Owganystanyň Gor ülkesinde peýdaly magdanlary gazyp almaga başlar

13:2907.10.2022
0
15436
Eýran Owganystanyň Gor ülkesinde peýdaly magdanlary gazyp almaga başlar
Surat: freepik.com

Eýran bir aýyň dowamynda Owganystanyň Gor ülkesinde peýdaly magdanlary gazyp almaga başlar diýip, «Fars News» habarlar gullugy ýerli ýolbaşçylara salgylanyp habar berdi.

Eýranyň kompaniýasy Gorda gurşun we sink gazyp almaga geleşiklere gol çekdi.

EYR-nyň Söwda, senagat, dag-magdan senagaty we oba hojalyk Palatasynyň Şahtalar hem-de dag-magdan senagaty geňeşiniň başlygy Ebrahym Jamili öz ýurdunyň hususy sektorynyň Owganystanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň şahtalaryna maýa goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň