Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanda Rumynyň döredijiligine bagyşlanan forum geçdi

10:5407.10.2022
0
13376
Täjigistanda Rumynyň döredijiligine bagyşlanan forum geçdi
Surat: news.rambler.ru

Täjigistanda Döwlet diliniň güni baýram edildi, munuň bilen birlikde, şahyr Jelaletdin Balhynyň, ýagny Rumynyň güni bellendi. Şahyryň döredijiligine bagyşlanyp Rus-Täjik (Slawýan) uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Şahyryň poeziýasy ynsany iň beýik duýga — Watana söýgi duýgusyna ylhamlandyrýar, watançylyk we ynsanperwerlik ruhuňy galkyndyrýar. Bu möhüm zatdyr. Döwlet diliniň we Mugallymlar güni biziň Prezidentimiziň doglan güni bilen gabat geldi, bu örän bellärliklidir we aýratyn many-mazmuna eýedir» diýip, Rus-Täjik (Slawýan) uniwersitetiniň habarlar merkeziniň başlygy Azizçon Rahmonow gürrüň berýär.

Täjigistanda 2009-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda «Döwlet dili hakynda» täze Kanunyň kabul edilmegi bilen, täjik dili döwlet dili derejesine eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň