Soňky habarlar

Arhiw

Nurlanbek Şakiýew Gyrgyzystanyň Mejlisiniň başlyklygyna saýlandy

15:3807.10.2022
0
15507
Nurlanbek Şakiýew Gyrgyzystanyň Mejlisiniň başlyklygyna saýlandy
Surat: kenesh.kg

Gyrgyzystanyň Parlamentiniň täze spikeri wezipesine Nurlanbek Şakiýew saýlandy diýip, ýurduň Žogorku Keneşiniň metbugat gullugy habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Toragi wezipesine deputat Nurlanbek Şakiýew teklip edildi. Gizlin ses berlişigiň netijesinde Şakiýew Žogorku Keneşiň toragi wezipesine saýlandy» diýlip, metbugat habarnamasynda aýdylýar.
Täze spiker üçin Mejlisiň deputatlarynyň 80-si ses berdi.

Nurlanbek Şakiýew 1977-nji ýylda doguldy. 2021-nji ýylda ýurduň Mejlisiniň deputatlygyna saýlandy, ol Parlamentde «Ata-Žurt Gyrgyzystan» partiýasynyň fraksiýasyna ýolbaşçylyk edýärdi. 2006 – 2009-njy ýyllarda Prezidentiň metbugat sekretary bolup işledi.

2009-2010-njy ýyllarda döwlet Baştutanynyň geňeşçisi, 2010-2011-nji ýyllarda medeniýet we habar beriş serişdeleri ministri bolup işledi.

Munuň öňýany Gyrgyzystanyň Parlamentiniň öňki başlygy Talant Mamytow öz islegi boýunça iş başyndan gidýändigini yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň