Wise-premýer H.Geldimyradow ikinji Hazar ykdysady forumynyň mejlisine gatnaşdy

16:0006.10.2022
0
14220
Wise-premýer H.Geldimyradow ikinji Hazar ykdysady forumynyň mejlisine gatnaşdy
Surat: government.ru

Ozal habar berşimiz ýaly, 5-6-njy oktýabrda Moskwa şäherinde ikinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Hazar sebitiniň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin pandemiýadan soňky döwürde iň uly meýdança bolan ikinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi häzirki wagtda örän wajypdy diýip, Russiýanyň Hökümetiniň resmi saýtynda habar berilýär. Bu forumda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň wekilleri hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Şu gün Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowyň, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohberiň gatnaşmagynda forumynyň umumy mejlisi geçirildi.

Bellenilişi ýaly, müňden gowrak wekiller ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Foruma diňe bir Russiýa Federasiýasyndan we «Hazar bäşligi» ýurtlaryndan däl, eýsem, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan hem dürli derejeli wekiller gatnaşýarlar. Foruma gatnaşyjylar Hazar sebitindäki söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşyldyr. Şunda esasy üns ulag infrastrukturasy, energetika, daşky gurşawy goramak, sebitara hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalara gönükdirilýär.

Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. 2018-nji ýylda «Hazar bäşligi» ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary Hazar deňziniň kanuny hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýa gol çekdiler, şeýle hem Hazaryň ykdysady forumy üçin hemişelik meýdança döretmek kararyna geldiler.

Şu ýylyň iýun aýynda Hazarýaka ýurtlaryň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde VI Hazar sammitiniň geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň