Soňky habarlar

Arhiw

Medwedew bilen Si Szinpin 9-njy maýda maliýe we energetika hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar

17:4106.05.2015
0
3729

Russiýa Federasiýanyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpin 9-njy maýda Moskwada maliýe we energetika hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

—Gepleşikleriň barşynda Premýer-ministr we HHR-iň Başlygy russiýa-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşine degişli derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar — diýlip, habarda aýdylýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, energetika, senagat we ýokary tehnologiýalar babatda bilelikdäki iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna, gumanitar ulgamda alyşmalaryň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berler.

HHR-iň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Russiýada resmi saparda bolar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň