Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda gatnaşygy üç esse ýokarlandy

15:1306.10.2022
0
14630

Şu ýylyň 6 aýynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende üç esse ýokarlandy.

Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Turatbek JUNUŞALIÝEW «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Ilçiniň Gyrgyz Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy şu ýylyň ilkinji alty aýynda 59,88 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.

«Biziň ýurdumyz Türkmenistana örän möhüm ykdysady hyzmatdaş hökmünde garap, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň görkezijileriniň we geljekki mümkinçilikleriniň giň gerimlidigini aýtmak gerek. Türkmen tarapyndan gyrgyz harytlarynyň aýry-aýry görnüşleriniň, ilkinji nobatda, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň iberilmegine gyzyklanmalary görýäris» ilçi iki döwletiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň geljegine uly ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň