Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze merkezinde guruljak metjidiň taslamasy bilen tanyşdy

22:0305.10.2022
0
40418
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze merkezinde guruljak metjidiň taslamasy bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde welaýatyň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna gözegçilik edýän ýolbaşçylar bilen merkezde guruljak metjidiň ýerleşjek ýeri kesgitlenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze metjidiň binasy, bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar hem-de täze metjidiň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hem-de çyzgylary synlap, türkmen halkynyň asylly ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, metjidiň içki bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, olaryň amatlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda Hatyra gününiň bellenilýändigini aýdyp, 7-nji oktýabrda merkezde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeriniň kesgitlenilmegi mynasybetli, özüniň ýazan kitaplary üçin düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna toý sadakasynyň beriljekdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň binýady bolup durýandygyny aýdyp, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ýolbaşçylaryna giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň