Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

21:4805.10.2022
0
29596
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň dokuz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri barada hasabat berdiler. Hasabatlarda harby we hukuk goraýjy edaralarda häzirki wagtda amala aşyrylýan işler, ozal berlen tabşyryklaryň, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, degişli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň wezipelerini üstünlikli çözmek, döwletiň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak, jemgyýetde parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň utgaşykly işini ýola goýmagyň wajypdygyny belledi.

— Milli goşunymyzyň ähli kysymlaryny we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini dünýäniň ösen tejribesini hem-de häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini dowam etmek zerurdyr — diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Mejlisde döwlet häkimiýetiniň, ýerli ýerine ýetiriji hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror barlaglaryny güýçlendirmek barada görkezme berildi.

— Biz harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini mundan beýläk-de yzygiderli döwrebaplaşdyrarys, ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris — diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk hem-de iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi barada aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň