Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisini kabul etdi

18:1005.10.2022
0
22048
Raşid Meredow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisini kabul etdi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomatlar dostlukly, ynamly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde dostlukly döwletleriň arasyndaky strategiki, dowamly we uzak möhletleýin häsiýetli hyzmatdaşlyk barada bellenilip geçildi diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparyny ýokary derejede guramakda beren goldawlary üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de şu ýylyň ahyrynda Tokio şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy barada pikir alyşdylar.

Ýaponiýa Türkmenistanyň maýa goýum we bank ulgamynda möhüm hyzmatdaşy bolup durýandygy barada bellenilip geçildi. Bu ugurda, öňdebaryjy ýapon banklary we kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda maýa goýum işlerini güýçlendirmeginiň maksadalaýykdygy nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi hem-de şu ýylyň ahyrynda Tokio şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täsirli platforma öwrülmegine gönükdirilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny geljekki ýylda Aşgabatda geçirilmegi teklip edildi. Şunuň bilen birlikde diplomatlar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlap birnäçe medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meselelerine seretdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň