Soňky habarlar

Arhiw

Ak Tam Baýdeniň Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny tassyklady

14:1505.10.2022
0
20571
Ak Tam Baýdeniň Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny tassyklady
Surat: bbc.com

Ak Tamyň metbugat-kätibi Karin Žan-Pýer sişenbede ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, hakykatdanam, 2024-nji ýylda geçjek saýlawlara gatnaşmakçydygyny tassyklady diýip, ýurduň NBC teleýaýlymy habar berdi.

Baýden saýlawlarda dalaşgärlik etmekçidigini geçen sentýabr aýynda habar beripdi. Ol şu sişenbede geçen çäreleriň birinde hem bu maksadyny ýene mälim etdi.

Şol bir wagtda «The Washington Post» gazetiniň «ABC News» teleýaýlymy bilen bilelikde Demokratik partiýanyň tarapdarlarynyň arasynda geçiren pikir soralyşygy olaryň köplüginiň Baýdeniň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak islegini goldamaýandygyny görkezdi. Bu barada «Belta.by» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň