Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Türkiýedäki baş konsullygy türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltmagy dowam etdirýär

14:5005.10.2022
0
61514
Türkmenistanyň Türkiýedäki baş konsullygy türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltmagy dowam etdirýär

Türkmenistanyň Türkiýedäki baş konsullygy (Stambul) iki ýurduň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryň täzeden başlandygyna garamazdan, türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltmagy dowam etdirýär. Bu barada resmi çeşmelere salgylanyp, «Atavatan-Turkmenistan» saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky we 2022-nji ýylyň 28-nji aprelindäki Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Stambuldaky baş konsullygy türkmen raýatlarynyň haýyşy boýunça daşary ýurt pasportlarynda möhletiniň uzaldylmagy barada bellik edýär. 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda möhleti tamamlanan ýa-da tamamlanýan türkmen raýatlarynyň halkara pasportlarynyň möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylar.

Gerekli resminamalar:

  • bellenen nusgada arza;
  • pasportyň asyl nusgasy;
  • pasportyň nusgasy (şahsy maglumatlar üçin sahypanyň nusgasy);
  • fotosurat (3×4 ýa-da 4×5 sm) kagyz görnüşde we elektron göterijide;
  • Türkiýede ýaşamaga rugsat berilýän resminamanyň nusgasy.

Resminamalar pasportyň eýesi tarapyndan şahsy tabşyrylýar. QR kody we uzaldylan möhüri bolan pasport, ähli resminamalar talaplara laýyklykda tabşyrylsa, bir hepdäniň içinde taýýar bolýar. Daşary ýurt pasportynyň möhletiniň uzaldylmagy baradaky bellik etmek tölegsiz amala aşyrylýar.

Stambuldaky konsullyk hyzmatlary bilen şu salgy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: Eýupsultan etraby, Mimar Sinan kwartaly, Reýhan köçesi, 14-nji jaý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň