Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — Minsk aralygyna uçar petekleriniň bahasy mälim edildi

13:4605.10.2022
0
146207

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 15-nji oktýabrdan Aşgabat — Minsk aralygyna göni uçuşlary gaýtadan dikelder.

«Atavatan-Turkmenistan» saýtynyň howa gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, Aşgabat — Minsk aralygyna bir taraplaýyn uçuşyň bahasy — petek Türkmenistandan satyn alynanda 6 müň 825 manat bolar.

Uçuşlar hepdede bir gezek — şenbe güni «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylar. Uçuş Aşgabatdan sagat 10:35-de bolup, uçaryň Minsk şäherine 15:35-de gonmagy meýilleşdirilýär (GMT+3).

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasy hem oktýabr aýyndan Türkmenistana uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazan (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň