Soňky habarlar

Arhiw

Bişkekde sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

13:3605.10.2022
0
29580
Bişkekde sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler

Türkmenistanly samboçylara 11 ― 13-nji noýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolup bilseler, Halkara sambo federasiýasy (FIAS) tarapyndan ABŞ-nyň 4 müň dollary möçberinde pul baýragy garaşýar.

Türkmen metbugaty dünýä çempionatyna Türkmenistandan 11 türgeniň gatnaşjakdygyny habar berdi. FIASy-yň resmi saýty bolsa Dünýä çempionaty ― 2022-niň baýrak gaznasyny mälim etdi.

Dünýä çempionatynyň ýaryşlary 21 agram derejesinde geçiriler. Olaryň 7-si sport sambosy boýunça erkekleriň, 7-si ýene şu görnüşden zenanlaryň arasyndaky ýaryşa degişlidir. Galan 7 agram derejesi boýunça erkekleriň arasynda söweş sambosy boýunça ýaryşlar geçiriler.

«Gazprom» sport toplumynda geçiriljek dünýä çempionatynyň umumy baýrak gaznasy ABŞ-nyň 231 müň dollaryna deň. Şu mukdardan ähli altyn medalçylara 4 müň, kümüş medalyň eýelerine 3 müň, bürünç medal gazanan türgenlere bolsa 2 müň dollardan paýlanyp berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň