Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwadaky ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

13:2205.10.2022
0
27934

Şu gün Moskwadaky «Skolkowo» tehnoparkynda ikinji Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. Foruma Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşýar.

Hazar ykdysady forumy — Hazar sebiti ýurtlarynyň hem-de dostlukly serhetýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň ygtybarly meýdança hasaplanýar.

Foruma «Hazar bäşligi» ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň resmi wekiliýetleri, Russiýanyň federal we sebit häkimiýetleriniň wekilleri, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşýar diýip, resmi rus elekron neşirleri habar berýär.

Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ekologiýa, energetika, ulag-logistika, syýahatçylyk, şäher infrastrukturasy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem forumda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň Halkara hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisi, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň şäherleriniň we häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary guralar. Şeýle-de «Uly Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň bir bölegi hökmünde Hazar sebiti: kynçylyklar we ösüş ugurlary», «Hazar bäşliginiň» energiýa taslamalary», «Hazar: Ýewraziýanyň ulag we logistika merkezi», «Hazar sebitiniň ýurtlarynyň syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy» ýaly meseleler boýunça hem maslahatlar geçiriler.

Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylda «Awaza» syýahatçylyk merkezind geçirildi. Bu wakadan bir ýyl öň «Hazar bäşligi» ýurtlarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň kanuny hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýa gol çekdiler, şeýle hem Hazaryň ykdysady forumy üçin hemişelik meýdança döretmek kararyna geldiler.

Şu ýylyň iýun aýynda Hazarýaka ýurtlaryň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde VI Hazar sammitiniň geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň