Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň maksatnamasy maslahatlaşylýar

12:0605.10.2022
0
20337
Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň maksatnamasy maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýermuhambet Konuspaýewiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-gazak syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, 4-nji oktýabrda geçirilen geňeşmeleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherine amala aşyran döwlet saparynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle-de ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk, onuň çäklerinde gol çekiljek resminamalar boýunça hem maslahatlaşyldy. Şeýle-de Gazagystanda geçiriljek halkara sammitlerine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen bagly meselelere üns berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag ýollady. Gazak Lideri hatynda Gazagystanda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparyna garaşylýandygyny belledi. Şu gün – 5-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Bu sene mynasybetli türkmen Lideri gazak kärdeşine gutlag ýollady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň