Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Parlamentinde 55 pişik ýerleşdi

11:0905.10.2022
0
15972
Türkiýäniň Parlamentinde 55 pişik ýerleşdi
Surat: cumhuriyet.com.tr

Türkiýäniň Mejlisiniň binalar toplumynda häzirki wagtda pişikleriň 55-si ýaşaýar, olary spikerleriň biri tarapyndan bellenilen topar naharlaýar. Bu barada ýurduň «Hurriyet Daily News» gazetine salgylanyp, «Gazeta.ru» ýazýar.

Mejlisiň işgärleriniň biri Nur Küçügiň sözlerine görä, pişikler Parlamentde aýratyn ruhy gurşawy döredýärler. Ol pişik çagalarynydyr uly pişikleri aýratyn naharlamak üçin dürli iýmleriň satyn alynýandygyny, parlamentiň spikeri Mustafa Şentopuň görkezmesine laýyklykda toplumyň çäginde olary günde üç wagtyna naharlamak üçin aýratyn ýer bölünip berlendigini gürrüň berdi.

Ol şeýle hem pişikleriň her biriniň adynyň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Mejlise gelýänler pişikleri görenlerinde örän şatlanýarlar, olaryň başyny sypalaýarlar hem-de ýadygärlik surata düşýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň