Serdar Berdimuhamedow Moldowanyň Prezidentini gutlady

09:1705.10.2022
0
12887
Serdar Berdimuhamedow Moldowanyň Prezidentini gutlady
Surat: eadaily.com

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, ýurduň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň