Gurbanguly Berdimuhamedow: «Si Szinpin, gürrüňsiz, häzirki zamanyň iň görnükli we giň gözýetimli döwlet we syýasy işgärleriniň biri bolup durýar»

22:4904.10.2022
0
15406

Habar berlişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-atteşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.

Metbugat-atteşesiniň: «Siz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň döwleti dolandyrmakda gazanan üstünliklerine nähili baha berýärsiňiz?» diýen sowalyna beren jogabynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:

— Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, gürrüňsiz, häzirki zamanyň iň görnükli we giň gözýetimli döwlet we syýasy işgärleriniň biri bolup durýar. Hytaý halkynyň taryhynda tutuş bir eýýam onuň ady bilen baglydyr. Bu eýýam häzirki döwürde Hytaýyň syýasy, ykdysady we tehnologik kuwwatyny, ýurduň halkara giňişlikde milli bähbitlerini goramakda tutanýerliligini we berkligini, beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligini we öňdengörüjiligini alamatlandyrýar — diýip nygtady.

Şeýle-de:

— Mümkinçilikden peýdalanyp, men Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy, biziň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda hemişe alada edýändigi we üns berýändigi üçin uly hormat bilen minnetdarlyk bildirýärin — diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hytaý lideriniň tagallalaryndan hoşaldygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň