Türkmenistan ulag ulgamynda Hytaýa örän möhüm hyzmatdaşy hökmünde garaýar

22:2904.10.2022
0
15299

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-atteşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-atteşesiniň ulag ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly sowalyna beren jogabynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:

— Iki tarap hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biz bu ugurda Hytaýa Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde örän möhüm hyzmatdaşymyz hökmünde garaýarys.

Häzirki döwürde hut şu ugruň biziň tutuş daşary ykdysady syýasatymyzyň strategik ugry bolup durýandygy nazara alnanda, Hytaý köp derejede örän möhüm hyzmatdaşymyz bolup durýar — diýip nygtady.

Şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy:

— Türkmenistan häzir öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar – Günbatar we Demiragazyk – Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan köp ugurly ulag-üstaşyr we logistika üpjünçilik ulgamlaryny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgelerini öz içine alar. Bu Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinden Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna amatly guryýer ýoluny açýar.

Bu ugurda Türkmenistan we Hytaý üçin hyzmatdaşlyk etmäge ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn. Munuň özi Türkmenistanda ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňzinde kenarýaka üpjünçilik ulgamlarynyň durkunyň täzelenmegi bilen bagly aýratyn möhüm bolup durýar.

Biziň tagallalarymyz hytaýly hyzmatdaşlarymyz bilen göz öňünde tutýan maksatlarymyza ýetmäge gönükdirilmelidir. Hususan-da, ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary, beýleki üpjünçilik ulgamlary arkaly Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara gatnawlaryň mümkinçiliklerini doly açmaga niýetlenmelidir. Şeýle hem bu ulgamlar esasy merkezlerde logistik terminallaryny öz içine almalydyr. Türkmenbaşy porty Hazar deňzinde şeýle merkezleriň birine öwrülip biler — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň