Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmenistandan Hytaýa turba geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys»

22:1804.10.2022
0
12611

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-atteşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat-atteşesiniň energetika, ulag we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine nähili baha berýändigi baradaky sowalyna beren giňişleýin jogabynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:

— Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan örän möhüm ugry bolup durýar. Bu, elbetde, düşnüklidir: biziň döwletlerimiz bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. 2009-njy ýylyň ahyrynda «Türkmenistan – Hytaý» strategik gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi uly bolan ugurlary we mümkinçilikleri giň möçberde görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy. Bu turba geçiriji energiýa taslamalaryna ähli gatnaşyjylaryň – öndürijileriň hem, üstaşyr geçirijileriň hem, sarp edijileriň hem bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmek maksadynyň hakyky iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir.

Häzirki döwürde biz Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýetiniň barha artýan isleglerini we Türkmenistanyň serişde binýadynyň mümkinçiliklerini nazara alyp, türkmen tebigy gazyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak bilen bagly meseleleriň üstünde işleýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa turba geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys — diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň