Soňky habarlar

Arhiw

Makron Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmak isleýär

22:1904.10.2022
0
16495
Makron Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmak isleýär
Surat: ria.ru

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, fransuz Lideri gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän şu ýylynda Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýändigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Parižde täze ilçisiniň bellenilmegini mübärekleýär.

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada, hususan-da, şeýle belleýär:

– Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga tüýs ýürekden ygrarly bolmak bilen, ykdysady, oba hojalygy, ekologiýa, ylym we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek babatda bilelikde işläp biljekdigimize ynanýaryn. Biziň kompaniýalarymyz özleriniň nou-haularyny Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hyzmatynda goýmaga taýýardyr.

Jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň bilen görüşmek meniň üçin uly hormat bolar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň