Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Türkmenistandaky metbugat atteşesiniň sowallaryna jogap berdi

22:1204.10.2022
0
26385

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat atteşesi Wan Sziunyň sowallaryna jogap berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň haýyşy boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat atteşesi Wan Szýunyň sowallaryna jogap bermegi Hytaýyň belli teleýaýlymlarynyň, köp millionly okyjylary bolan metbugat serişdeleriniň wekilleriniň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalarynyň, tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän türkmen döwletiniň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat atteşesiniň sowallaryna jogap bermek bilen, şu ýyl özara diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýan Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna berýän bahasyny giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhy, geljegi, onuň ösüşine berýän bahasy, bilelikde durmuşa geçirilen we geljekde amala aşyrylmagy maksat edinilýän iri taslamalar, iki halkyň, şol sanda olaryň syýasy liderleriniň birmeňzeş garaýyşlary, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary hem-de olaryň ähmiýeti, Hytaýyň häzirki ýeten derejesinde bu ýurduň Kommunistik partiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň orny baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň şu ýylyň ahyrynda geçiriljek gurultaýynyň işine üstünlikleri arzuw etdi hem-de onuň netijeleriniň diňe bir Hytaý üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýä üçin-de ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň