Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

07:1006.05.2015
0
4376

4-nji maýda Italiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen Lideri köşgüň ikinji gatynda ýerleşen dabaralar zalyna çagyrylýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň Prezidenti garşylaýar. Soňra iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyryş boldy.

Şondan soň iki döwletiň Baştutanlary Italiýanyň Prezidentiniň iş otagyna barýarlar, bu ýerde olaryň ikiçäk duşuşygy boldy.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli myhmany we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek  mähirli mübärekläp, bu saparyň netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Munuň üçin bolsa uly mümkinçilikler bar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň wekiliýetiniň mähirli we myhmansöýerlik bilen kabul edilendigi üçin Italiýanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, öz italiýaly kärdeşini azyk meseleleri ýaly dünýä bileleşigi üçin möhüm mowzuga bagyşlanan “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisiniň işiniň başlanmagy bilen gutlady.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda  birek-birege hormat goýmak, dostluk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda  guralýan türkmen-italýan gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklar hem muňa ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň 2014-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň  döwletara gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrandygyny belledi. Milletiň Lideri gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek üçin möhüm we ygtybarly binýady döredendigini  aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň energetika, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, şeýle hem syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtady. Biziň ýurdumyz öz gezeginde italýan kärdeşleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardygyny we gyzyklanma bildirýändigini beýan edýär.

Türkmenistan we Italiýa BMG, ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  bu barada aýtmak bilen,  Italiýanyň Hökümetine Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek işinde berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen Lideri sözüni dowam edip, şu ýyl  ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi hakynda” Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň  20 ýyllygyny belleýändigini aýtdy. Şol resminamanyň kabul edilmegine BMG-niň agza döwletleri biragyzdan ses berdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow italýan kärdeşini bu şanly waka bagyşlanyp şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigini hem aýratyn belledi. Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň halklary baý taryhy we medeni mirasa eýe bolup durýarlar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özara Medeniýet günleriniň, sergileriň we ylmy maslahatlaryň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam etjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady ulgamda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň ýokary depgine eýedigini belläp,  has uly görkezijileri gazanmak maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy okgunly giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-italýan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandy üçin Italiýanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýdyp, şu günki duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany sözüniň ahyrynda öz italýan kärdeşine berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Italiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Kwirinal köşgünden Rim şäheriniň howa menziline tarap ugur alýar, milli Liderimiz şol ýerden Watanymyza ugrady. 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Baştutanynyň Italiýa saparynyň maksatnamasy tamamlandy. Onuň çäginde geçirilen duşuşyklaryň we çäreleriň mähirlilik, myhmansöýerlik we dostluk, özara gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda geçendigini bellemek gerek. Bu bolsa gazanylan ylalaşyklaryň ähli ugurlary boýunça netijeli işleri dowam etmek üçin örän amatly ýagdaýy döredýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň