Türkmenistanly ýaşlar Kazan şäherinde geçirilen Türki dilli ýaş ýazyjylaryň 1-nji halkara festiwalyna gatnaşdylar

17:4705.05.2015
0
2362

24 — 28-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türki dilli ýaş ýazyjylaryň 1-nji halkara festiwaly geçirildi. Ony Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi bilen Ýazyjylar birleşigi gurady. Festiwala Türkmenistandan, Tatarystandan, Gazagystandan, Başgyrdystandan, Çuwaş Respublikasyndan, Türkiýeden, Krymdan, Dagystandan, Kabardino-Balkariýadan, Saha Respublikasyndan (Ýakutiýa) türki dilli ýaş ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar.

Döredijilik festiwaly tatar halkynyň uly baýramynyň — Ene diliniň gününiň hem-de tatar şahyry Gabdulla Tukaýyň doglan gününiň dabaralary bilen utgaşdy. Bu dabaralara gatnaşmak üçin dürli döwletlerden, şol sanda Türkmenistandan resmi wekiller Kazana geldiler.

Festiwalyň açylyş dabarasy Tatarystanyň Ýazyjylar birleşiginde guraldy. Onda Tatarystan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Rafis Kurbanow hem-de Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Irada Aýupowa gutlaglar bilen çykyş etdiler. Myhmanlar, ýaş tatar şahyrlary hem festiwalda çykyş edip, goşgularyny okadylar. Türkmenistanly ýaş şahyrlar 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagtyndan, türkmen halkyndan köp salam getirendiklerini aýdyp, türkmen-tatar dostluk gatnaşyklarynyň ösüşi dogrusynda, türki dilli halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berdiler. Olar ýaş şahyrlara berilýän goldawlar hem-de milli edebiýatyň ösüşi hakyndaky sowallara jogap berdiler. Türki halklaryň wekilleri çykyşlarynda Türkmenistanda-da şeýle halkara çäreleriň yzygiderli guralýandygyny, olaryň täsirlerinden çykyp bilmeýändiklerini guwanç bilen bellediler.

Esasy dabara tamamlanandan soň, festiwal 2 bölümde dowam etdi, ýagny ýaş şahyrlaryň maslahaty hem-de ýaş dramaturglaryň, ýazyjylaryň maslahaty geçirildi. Olaryň işini tejribeli, halypa edebiýatçylar, ýazyjy-şahyrlar alyp bardylar, ýaşlara maslahatlaryny, olaryň eserleri hakyndaky belliklerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde edebiýatyň nazaryýetine degişli çykyşlar diňlenildi. Festiwala gatnaşyjylar birek-birek bilen pikir alyşdylar hem-de bu festiwaly türki dilli döwletlerde yzygiderli guramak, onuň işini geljekde has-da kämilleşdirmek hakynda tekliplerini beýan etdiler.

Festiwala gatnaşyjy ýaş ýazyjy-şahyrlar baýramçylyk dabaralaryna-da gatnaşyp, tatar tomaşaçylarynyň öňünde baýramçylyk gutlaglary we goşgulary bilen çykyş etdiler. Gabdulla Tukaýyň Kazan şäherindäki heýkeline gül desselerini goýdular.

Festiwalyň medeni meýilnamasyna laýyklykda myhmanlar Kazan şäherine gezelenç etdiler, onuň taryhy ýadygärlikleri we meşhur ýerleri bilen tanyşdylar. Musa Jelil adyndaky Tatar döwlet akademiki opera we balet teatrynda «Şahyryň söýgüsi» operasyna, baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler. Tatar döwlet filarmoniýasynda guralan çagalaryň konsertinde-de türki halklaryň dost-doganlygy wasp edildi.

Festiwala gatnaşyjylar Tatarystanyň Arça etrabynda myhmançylykda boldular. Bu ýerde Gabdulla Tukaýyň muzeý toplumyna, şeýle-de şahyryň doglan ýerine — Kuşlawyç obasyna baryp gördüler. Bu ýerde şahyryň öý muzeýi ýerleşýär, ýakyn garyndaşlary ýaşaýar. Myhmanlar şahyryň dogduk Diýarynda ýadygärlik agaç nahallaryny oturtdylar.

Festiwal türki dilli ýaşlary dostlaşdyrmak, halklary jebisleşdirmek, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň edebi gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen guraldy. Ýaş ýazyjy-şahyrlar birek-biregiň eserlerini terjime etmek, geljekde-de edebi gatnaşyklary ösdürmek boýunça özara pikir alyşdylar. Bu dabaralara gatnaşan türkmenistanly ýaş ýazyjylara Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň