Bolsonaru we Lula da Silwa Braziliýada Prezident saýlawlarynda ikinji tapgyra çykdy

14:0004.10.2022
0
13697

Brazilýanyň ýaşaýjylary Prezident saýlawlarynda ikinji tapgyra çykan häzirki Prezident Žair Bolsonaru bilen dalaşgär Luis Inasiu Lula da Silwadan birini saýlamaly bolarlar, bu barada RIA «Nowosti» döwletiň Ýokary saýlaw kazyýetine salgylanyp habar berdi.

Ses berlişigiň birinji tapgyry 2-nji oktýabrda geçdi, ikinji tapgyry 30-njy oktýabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Sesleriň 97,45 göterimi sanalanda, 47,93 göterim bilen ýurduň öňki döwlet Baştutany Luis Inasiu Lula de Silwanyň öňdeligi, häzirki Prezident Žair Bolsonarunyň 43,63 göterim saýlawçylaryň sesini alandygy belli boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň