Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasynyň MÇS-iniň uçary Türkmenistanda gondy

10:2805.05.2015
0
4428

Nepaldan russiýalylary alyp gaýtmaly Russiýa Federasiýasynyň MÇS-iniň (Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi) An-148 uçary 2015-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanda gondy we Deli şäherine ugur alaryna garaşdy. Ol 6.00-dan 13.00 çenli Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde boldy we ýangyç guýdurdy.

Soňra uçar Hindistana ugur aldy we Nýu-Deliniň howa menzilinde Nepalyň häkimiýetleriniň Katmandu şäherine uçmaga ygtyýar bermegine garaşdy. Gonýan we uçýan awiatehnikalaryň sanynyň köplügi sebäpli häzirki wagtda Katmandu şäheriniň howa menziline örän uly agram düşýär. Şonuň üçinem ýurduň häkimiýetleri Russiýanyň uçaryna gonmak, ýolagçylary almak we uçmak üçin bary-ýogy 30 minut wagt berdiler. «Sentrospas» otrýadynyň lukmanlary we Russiýanyň MÇS-niň psihologlary ewakuirlenenleriň ýanlarynda boldular.

Howa gämisi Nepaldan 40 töweregi russiýalyny ewakuirledi. Syýahatçylaryň bir bölegi dürli awiakompaniýalarynyň bu ýurda gatnawlary amala aşyrýan uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanmak kararyna gelseler, bir bölegi dynç alşyň ugruny üýtgedip, Hindistana aşmagyň aladasyna berildiler. Häzirki wagtda şol ýerde galyp, syýahatçylyk marşrutlarynyň ýaýbaňlandyraryna garaşyp oturanlar hem bar.

Nepaldan 7,9 sarsgyn derejeli ýer titremesi 2015-nji ýylyň 25-nji aprelinde ir bilen bolup geçdi. Ilkinji ýer titremesinden soň, 100 töwregi sarsgyn hasaba alnyndy. 3,2 sarsgyn derejeli ýer titremesi 3-nji maýda Moskwa wagty bilen 01:39-da bolup geçdi. Onuň merkeziniň Katmandudan 50 kilometr demirgazyk-günbatarda  bolup, 10 kilometr çuňlukdan gaýdýandygy anyklanyldy.

Nepa häkimiýetleriniň getirýän remsi maglumatlaryna görä, ýer titremede 10.000 adam heläk boldy, ýöne bu gutarnykly an däldir. Bu tebigy betbagytçylykda 15.000 adam ejir çekdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, sebitde azygyň we suwuň, ilkinji zerur zatlaryň ýiti ýetmezçiligi duýulýar.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň