Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

12:3904.10.2022
0
22768
Aşgabatda jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler.

Türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly, kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-19-20; 39-19-21.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň