Arhiw

«Miwe» AGPJ şu ýyl ilkinji bag miwelerini ýygnady

09:1004.10.2022
0
10095

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu ýyl dag eteginde ekilen miweli baglardan ilkinji hasyly ýygnady. Häzirki günlerde bolsa hususyýetçi daýhanlar alma, armyt, hurma ýaly miweleriň bol hasylyny ýygnaýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylda esaslandyryldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde paýdarlar jemgyýetine 1200 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýer böleginde alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglar bilen birlikde, käşir, sogan, ýeralma ýaly bakja ekinlerini hem ösdürip ýetişdirýän paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Olaryň her biri 300 gektar meýdanda iş alyp barýar.

Paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny özleşdirmek üçin döredilen durmuş düzümleri — suw, elektrik geçiriji ulgamlar, beketlerdir howdanlar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ekinleri suwarmak üçin gerek bolan suw bu ýere Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden çekilen suw geçiriji ulgam arkaly getirilýär. Ekin meýdanlaryny suwarmakda diňe damjalaýyn suwaryş ulgamy, awtomatlaşdyrylan tehnikalar peýdalanylyp, işleriň gidişine sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň miweli baglaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilip, baglary gurplandyrmak we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar. Bu bolsa baglaryň bol hasyl getirmegine mümkinçilik berýär. Her bir işe ylmy taýdan çemeleşmek bu paýdarlar jemgyýetiniň esasy ýörelgeleriniň biridir. Hususy pudagyň wekilleriniň eýýäm hasylyň ilkinji ýylynda oňyn netijeleri gazanmaklary bolsa olaryň edýän yhlasynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň