Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepede Akhan bedewiň heýkeli gurulýar

09:0704.10.2022
0
9322

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy ýadygärlikleri, monumentleri gurmak baradaky tejribesini has baýlaşdyrýar. Şu günler bu hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynyň gyrasyndan geçýän, ahalteke atymyz Akhanyň adyny göterýän ýoluň aýlawly ýerinde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan meşhur bedew Akhanyň heýkeli gurulýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Bu hususy kärhana Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde «Ahal» monumentiniň hem-de oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň gurluşyklary-da ynanyldy.

Ýeri gelende, bu kärhananyň hünärmenleri tarapyndan paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky «Welosiped» binasynyň ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyklykda gurlandygyny bellemek gerek. Bu ugurdan baý tejribe toplan türkmen telekeçileri özlerine nobatdaky gezek bildirilen ynamy ödemek üçin gije-gündiz zähmet çekip, täze binalaryň öňkülerden-de üýtgeşik, owadan bolmagy ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň