Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärlerine harby we ýörite atlar dakyldy

07:5405.05.2015
0
4534

4-nji maýda paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda ýakynda “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly görkezme söweşjeň atyşykly okuw täliminiň barşynda aýratyn tapawutlanan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlaryň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň  degişli Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi. Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde  “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigi barada aýdyp, ýokary derejede geçen bu okuw-türgenleşiginiň esgerlerimiziň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek görkezendigini belledi.

Okuw-türgenleşiginde tapawutlanan, nobatdaky harby atlaryny alan  harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda sylagladylar. Eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň öz harby borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirip,  raýatlarymyzyň asudalygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň we abadançylygynyň goragynda berk durýandyklary  buýsanç bilen bellenildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň  adyndan şol türgenleşige gatnaşan harby gullukçylara ýörite sylaglar hem gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň