Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat ― Tokio ― Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawy ýola goýlar

16:4903.10.2022
0
19087
Aşgabat ― Tokio ― Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawy ýola goýlar

Ýakyn geljekde Aşgabat ― Tokio ― Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen geçirilen gepleşiklerde aýdyldy.

«Türkmenistan» gazetinde ýazylyşy ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Ýeri gelende aýtsak, dostlukly döwletde geçiren duşuşyklarynda Gurbanguly Berdimuhamedow ulag logistikasynyň ösdürilmeginiň häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat ―Tokio, Tokio — Aşgabat ugry boýunça howa ýollary arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döredilen ulag-logistika mümkinçilikleriniň Ýaponiýanyň öz önümlerini Türkmenistanyň üsti bilen, ýagny Hazar deňzinden Gara deňzine, soňra Ýewropa çykarmaga oňaýly ýagdaýy döredip biljekdigini belledi. Munuň özi iki tarap üçin hem bähbitli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň