Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti atlylaryň açyk meýdançada at üstündäki türgenleşiklerini synlady

02:0605.05.2015
0
3300

“Willa Borgeze” seýilgähinde Türkmenistanyň Prezidenti owadan geýnüwli  atlylaryň  tälim geçişlerini synlady. Olar açyk meýdançada atyň üstünde dürli görnüşlerde hatara durmak boýunça türgenleşýärdiler. Olar sowut geýnen atly polk—karabiner toparynyň atly bölümi eken. Olaryň baş wezipesi Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň hormat garawuly bolmakdan we howpsuzlygyny üpjün etmekden, döwlet baýramçylyk dabaralaryna hyzmat etmekden ybaratdyr.

Bu duýdansyz duşuşyk aýratyn mana eýe boldy we belent mertebeli myhmana hormatyň nyşany hökmünde sowut geýnen atly polk hatar boýunça nyzama düzülip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňünden dabaraly atly ýöriş bilen geçip, degişli hormaty bildirdiler. 

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormat polkunyň karabinerleriniň türgenleşiş ulgamy bilen gyzyklanyp, olaryň serkerdesi bilen söhbetdeş boldy, atlary taýýarlamagyň usullary, şol sanda görkezme çykyşlaryna taýýarlaýyşlary barada sorady hem-de 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň