Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekiller geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

10:3903.10.2022
0
18908

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekili Nazar Şagulyýew Minskde geçirilen Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Hemişelik wekiller geňeşiniň agzalary medeni hyzmatdaşlyk babatdaky işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisde GDA-da ýakyn ýyllarda geçiriljek esasy medeni çäreleriň hatarynda 2023-nji ýylyň Milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýlip yglan edilmegi, «Garaköl - 2022-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty» we «Komrat - 2023-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty» döwletara maksatnamalary, 2024-nji ýylda Gyrgyzystanda geçiriljek halkara ART EXPO sergisi bellenildi.

Geňeş, şeýle hem, «Arkalaşygyň gymmatly monjugy» halkara taslamasynyň işlenip düzülmegine gönüden-göni gatnaşar.

Duşuşykda agzalygyna Azerbaýjanyň (Azertaj), Ermenistanyň (Ermenistr), Belarusyň (BelTA), Gazagystanyň (Gazinform), Gyrgyzystanyň (Kabar), Moldowanyň (Moldpres), Russiýanyň (TASS) hem-de Täjigistanyň (Howar) döwlet habar agentlikleriniň ýolbaşçylary girýän GDA-nyň Maglumat Geňeşiniň işi hem şöhlelendirildi. Ýeri gelende bellesek, Maglumat geňeşiniň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň (TDH) we Özbegistanyň (UzA) döwlet gulluklarynyň ýolbaşçylaryna hem resmi çakylyklar yzygiderli iberilýär.

Hemişelik wekiller geňeşiniň mejlisinde Erkin söwda zolagy Ylalaşygynyň düzgünlerini berjaý etmek meselesi, Döwlet baştutanlary geňeşiniň we GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň oktýabr aýynyň ortalarynda Astana şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlislerine taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşmäniň habaryna görä, Geňeşiň indiki mejlisi 20-nji oktýabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň