Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlary gelýär

22:5802.10.2022
0
6901
Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlary gelýär
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dünýä döwletlerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hatlary iberýänler Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglygyny we üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmu, Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radew, Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI, Malta Respublikasynyň Prezidenti Jorj Wella, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif, Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň