Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Rimiň belli “Willa Borgeze” seýilgähi boýunça gezelenç etdi

01:5005.05.2015
0
10920

4-nji maýda Italiýa Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Westin Exeelsior” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasynyň golaýyndaky “Willa Borgeze” rim seýilgähine baryp gördi.

Döwlet Baştutany italýan paýtagtynyň belli syýahatçylyk gözelligi hem-de Rimiň ýaşaýjylarynyň höwes bilen dynç alýan seýilgähi boýunça gezelenç etdi. Bu ägirt uly gök zolak tebigy gözelliklere, heýkel kompozisiýalaryna we saýaly baglara eýe bolup, onuň umumy meýdany bolsa 80 gektara barabardyr.

Bu ýerde muzeýler, açyk asmanyň astyndaky manež,  Siena meýdançasy -- atlaryň sergileriniň we ýörişleriniň her ýyl geçirilýän ýeri, botanika bagy, belent ýadygärlikler, pawilýonlar we çüwdürimler bolup, olar italýan sosnalarynyň, uzyn boýly magnoliýalaryň we gür lawrlaryň hatarlaryna beslenýär. Ähli ýerde owadan telärler we ajaýyp çüwdürimler gurlupdyr. Şeýle hem seýilgähiň çäginde çagalar üçin oýun meýdançalary, garbanyşhana, welosipedleriň 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň